Aragçi: Eýran, Sionist režime garşy durmaga doly taýýardyr
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri biz Sionist režimiň täzelenen howplaryna garşy durmaga doly taýýardyrys, Sionistler beýle dälilik etmezler diýip umyt edýärin, sebäbi netijesi hemme taraplaýyn söweş bolar diýip beýan etdi.
IRIB habar gullugynyň habaryna görä; Eýranyň Daşary işler ministri Seýid Abbas Aragçi, Sionist režimi Hamasy ýok etmek maksady bilen Gaza zolagyna hüjüm etdi, ýöne esasy maksadyna ýetmedi we şu gün Hamas bilen ot açyşlygy bes etmek barada gepleşik geçirmäge mejbur boldy diýdi.
Aragçi, Hamasyň we palestinalylaryň özleri kabul edýän islendik atyşygyň bes edilmegi Eýran Yslam Respublikasy tarapyndan goldanjakdygyny birnäçe gezek aýtdyk diýmek bilen, Kabul etmek ygtyýary Hamas we Palestina bilen bolar we haýsydyr bir ýaraşyk şertnamasyny kabul etseler, goldaw bereris diýdi.
Eýranyň diplomatik gullugynyň başlygy şeýle-de BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň Amerikanyň basyşy sebäpli Ysraýyl režiminiň jenaýatlaryny duruzmak üçin çäre görüp bilmeýändigine garamazdan, halkara jemgyýetçiliginiň Ysraýylyň jenaýatlarynyň dowam etmeginiň öňüni almak üçin çäreleri görmek üçin ahlak jogapkärçiligi bardyr we Amerika, Ýewropa ýurtlaryna we bu režime bu jenaýatlaryň öňüni almak üçin basyş etmelidirler diýip sözlerine goşdylar.