Pezeşkianyň Liwanyň täze prezidentine gutlag ýüzlenmesinde Agzybirlik we durnuklylygy berkitmek nygtaldy
(last modified Fri, 10 Jan 2025 10:04:14 GMT )
Jan 10, 2025 15:04 Asia/Ashgabat
  • Pezeşkianyň Liwanyň täze prezidentine gutlag ýüzlenmesinde Agzybirlik we durnuklylygy berkitmek nygtaldy

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Liwanyň täze prezidentine gutlag ýüzlenmesinde şeýle diýdi: Agzybirlik we durnuklylygy berkitmek sionist duşmanyň Liwana garşy açgözlügini ýeňer.

Mehr habar gullugynyň habaryna görä; Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti "Masud Pezeşkian" anna güni ýüzlenmesinde "Jozef Aouny" Parlament wekilleriniň köplügi bilen Liwanyň täze prezidenti saýlanmagy bilen gutlady we Liwandaky syýasy partiýalaryň we toparlaryň köpüsiniň ylalaşmagynyň netijesi bolan bu saýlawyň, syýasy durnuklylygy we ykdysady ösüşi Liwanyň eziz halky üçin rahatlygy we asudalygy getirjekdigine umyt bildirdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti sözüniň dowamynda şübhesiz, durnuklylygy we jebisligi berkitmek Sionist duşmanyň Liwan topragyna bolan açgözlügini ýeňer diýdi.

General "Jozef Aoun" düýn penşenbe güni (2025-nji ýylyň 9-njy ýanwary) ikinji saýlawda 99 ses alyp Liwanyň prezidenti wezipesine saýlandy.