Apr 25, 2018 18:02 Asia/Ashgabat
  • Şamhani:Amerika Aziýanyň günbataryny durnuksyzlaşdyrmagyň yzyndadyr

Eýranyň milli howpsyzlyk boýunça ýokary geňeşiniň sekretary Ali Şamhani Aziýanyň günbataryndaky Amerikanyň belli syýasaty sebitde harby bazalaryny köpeltmek we ýaraglaryny satmak niýeti bilen durnuksyzlyk döretmekdir diýdi.

şu gün Eýranyň milli howpsyzlyk boýunça ýokary geňeşiniň sekretary Ali Şamhani Orsýetiň Soçi şäherinde geçirilip başlanan dünýäniň 5 yklymynyň ýokary derejeli 9-nji howpsyzlyk maslahatynda eden çykyşynda Amerika ýarag we bomba eksport edýän birinji ýurt adynda Orta Gündogar sebitini uly ýarag ammaryna dönderendir diýdi.

Ali Şamhani sözüniň dowamynda sebit dartgynlylyklarynyň şol sanda Siriýa,Ýemen,

Liwiýa,Owganystan ýurtlarynyň we Koreýa adasynyň dartgynlylyklarynyň syýasy gepleşiklerden başga çäresiniň ýoklygyny aýdyp käbir häkimleriň bu dartgynlylyklary uruş bilen çözjek bolup tagalla etmekleri syýasy çäreleriň gyrakda goýulmagyna sebäp bolandyr diýip nygtady.

Şamhani şeýle-de uruş üçin bileleşik gurulmagyň ýerine ýaraşyk we parahatçylyk üçin bileleşik gurulmalydyr diýip sözüne goşdy. keseki gudratlar sebitiň içeri işlerine gatyşmaly däldirler we sebit ýurtlary öz kynçylyklaryny özleri çözmelidirler diýip Şamhani sözüne goşdy.

Orsýetiň 9-nji howpsyzlyk maslahaty 5 yklymyň düzümindäki ýurtlaryň howpsyzlyk resmileriniň we milli howpsyzlyk sekretarlarynyň gatnaşmagynda şu gün Soçi şäherinde öz işine başlady.

 

Tags