Aragçi Eýran-Russiýa şertnamasynyň ykdysadydygyny aýtdy
Eýranyň Daşary işler ministri Eýran bilen Russiýanyň arasyndaky giňişleýin strategiki hyzmatdaşlyk şertnamasynyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ähli taraplaryny öz içine alýandygyny aýtmak bilen bu şertnamanyň häsiýetiniň esasan ykdysadydygyny beýan etdi.
Eýranyň Daşary işler ministri Seýid Abbas Aragçi, Eýranyň prezidenti Masud Pezeşkianyň Russiýa eden sapary wagtynda "Eýran bilen Russiýanyň arasynda toplumlaýyn strategiki hyzmatdaşlyk şertnamasynyň" jikme-jiklikleri barada beren gürrüňlerinde, şu şertnama gol çekilmegi bilen, mundan beýläk ykdysady, syýasy, medeni gatnaşyklar we ş.m. ugurlarynda has aňsat we hyzmatdaşlygyň has gowy çarçuwasynda we platformasynda hereket ederis diýip umyt edýäris diýdi.
IRNA-nyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministri bu şertnamanyň tebigatynyň esasan ykdysadydygyny nygtap, bu resminama syýahatçylyk söwdasy, transport we ş.m. ýaly ähli ykdysady ugurlary öz içine alýar diýdi.
Aragçi sözüni dowamynda bu şertnama medeni, ylmy, kazyýet, hukuk, aragatnaşyk we ş.m. hyzmatdaşlyga hem girýär we iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ähli ugurlaryny öz içine alýar diýip aýtdy.
Eýranyň diplomatik gullugynyň başlygy bu şertnamanyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklara giňişleýin garaýyş döredýändigini aýtmak bilen, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklarda, mundan beýläk ykdysady, syýasy we medeni gatnaşyklar babatynda şeýle binýadyň bolmagy bilen has aňsat we has gowy çarçuwada we platformada hereket ederis diýip umyt edýäris diýdi. Bu gatnaşyklar şu wagta çenli gowy bolup, şu çarçuwada has gowy bolar.
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň Russiýa eden sapary wagtynda iki ýurduň arasynda bilelikdäki giňişleýin strategiki şertnama gol çekilendigini bellemelidiris.