Pezeşkian: Eýran bilen Russiýanyň arasyndaky şertnama taraplar üçin açyk gözýetim döretýär
(last modified Sat, 18 Jan 2025 11:05:18 GMT )
Jan 18, 2025 16:05 Asia/Ashgabat
  • Pezeşkian: Eýran bilen Russiýanyň arasyndaky şertnama taraplar üçin açyk gözýetim döretýär

Eýranyň prezidenti, Russiýa bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk resminamasyna gol çekilmegi barada gürrüň gozgap bu şertnama Eýran bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklar, esasanam ykdysady hyzmatdaşlyk ugurlarynda täze bölüm açar diýdi.

"Sahab ulgamyň habaryna görä, "Massoud Pezeşkian", Eýran bilen Russiýanyň arasynda giňişleýin strategiki şertnama gol çekenden soň, rus kärdeşi "Wladimir Putin" bilen Moskwada geçirilen metbugat ýygnagynda, Iki ýurduň arasyndaky dostluk gatnaşyklarynyň iki ýurduň bähbitlerine hyzmat etmegini dowam etdirjekdigine we iki ýurduň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygyň täze bölümini görjekdigimize umyt bildirdi.

Pezeşkian şeýle-de Russiýa Federasiýasyny dünýäniň möhüm ýurdy diýip atlandyrdy we Eýran Yslam Respublikasynyň goňşuçylyk syýasatynyň çäginde artykmaç orny eýeleýändigini aýtdy.

Bu metbugat ýygnagynda Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Tähran bilen Moskwanyň halkara derejesinde, esasanam Günbatar Aziýa we Kawkaz ýaly ikitaraplaýyn gün tertibinde durýan meselelerde sazlaşyklydygyny aýtmak bilen taraplaryň hyzmatdaşlygy halkara kanunlaryna we Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyna esaslanýar diýdi.

Putin sözüniň dowamynda şeýle-de giňişleýin strategiki şertnama gol çekmek belent maksatlary yzarlaýar. Häzirki wagtda Eýran Russiýa bilen gatnaşyklary babatynda ädim ädýär we iki ýurduň arasynda energiýa bilen baglanyşykly gatnaşyklar babatynda möhüm ugurlar bar diýdi.

Russiýanyň prezidenti şeýle hem geljekde Eýran bilen gatnaşyklary giňeltmäge uly ähmiýet berýäris. Eýran bilen baglaşylan şertnama ikitaraplaýyn gatnaşyklarda özboluşly böküş hasaplanýar we Russiýa bilen Eýranyň arasynda daşary meseleler boýunça ylalaşyk bar diýdi.