Eýran bilen Päkistan terrorçy toparlara garşy nähili göreşip biler?
(last modified Mon, 20 Jan 2025 08:13:14 GMT )
Jan 20, 2025 13:13 Asia/Ashgabat
  • Eýran bilen Päkistan terrorçy toparlara garşy nähili göreşip biler?

Eýran Yslam Respublikasynyň Ýaragly Güýçleriniň Baş ştabynyň başlygy Pakistana resmi saparynyň maksatlary barada beren gürrüňlerinde, Eýran bilen Päkistan howpsuzlygyň gowulaşmagyna şaýat boljak bolsalar ýaragly güýçler babatynda terrorçylyga we separatist elementlere we toparlara garşy has köp hyzmatdaşlyk etmelidirler diýdi.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, general-maýor Muhammet Bageri Yslamabatdaky bu ýurduň ilçihanasynda Eýran Yslam Respublikasynyň resmileriniň we wekilleriniň gatnaşmagyndaky ýygnagynda eden çykyşynda, umumy serhetleri petiklemek işine başladyk, birnäçe serhet bazarlary işjeňleşdirildi we käbirleri ekspluatasiýa ýolunda, iki ýurduň arasynda söwda we ykdysady gatnaşyklary ösdürmek hem möhümdir diýdi.

General-maýor Bageri şeýle-de Pakistandaky kärdeşlerimiz bilen okuw, aňtaw, maşk we goranmak pudagy boýunça gepleşikler geçireris we bu hyzmatdaşlygy we Pakistan tarapy bilen utgaşdyrmagy çynlakaý dowam etdirýäris diýdi.

Bu dabara Eýranyň Pakistandaky ilçisi Reza Amiri Mogadam, ýokary derejeli harby delegasiýanyň agzalary, edaralaryň ýolbaşçylary we Yslamabatdaky Eýran diplomatlarynyň bir topary gatnaşdylar.

Eýran Yslam Respublikasynyň Ýaragly Güýçleriniň Baş ştabynyň başlygy, çykyşynyň başga bir bölüminde, Gazada atyşygyň bes edilmegini mukaddes Kuds söweşijileriň gudratynyň öňünde basyp alyjy Ysraýyl režiminiň ýalan gegemoniýasynyň we global ulumsylygyň ýok edilmeginiň alamaty hasaplamak bilen Gazadaky soňky 15 aýyň içinde bolup geçen wakalar, sionistler üçin kynçylyklaryň başlangyjy we yslamyň we we garşylyk okynyň ýokarlanmagy bildi.