Eýran, Liwanda milli düşünişmek atmosferasyny saklamagyň möhümdigini aýtdy
(last modified Wed, 05 Feb 2025 07:17:43 GMT )
Feb 05, 2025 12:17 Asia/Ashgabat
  • Eýran, Liwanda milli düşünişmek atmosferasyny saklamagyň möhümdigini aýtdy

Eýranyň Daşary işler ministri, milli ylalaşygyň we ähli toparlaryň oýnan täsirli roly netijesinde syýasy prosesiň tamamlanmagyndan we täze Liwan prezidentiniň saýlanmagyndan hoşaldygyny aýtdy we bu ýurtda milli düşünişmek atmosferasyny saklamagyň möhümdigini aýtdy.

BMG-nyň Liwan boýunça ýörite utgaşdyryjysy, Liwanda bolup geçýän wakalar barada Eýranyň resmileri bilen maslahatlaşmak üçin Tährana sapar eden Jeanine Hennis-Plasschaert Eýranyň Daşary işler ministri Seýid Abbas Arakçi bilen duşuşdy.

Pars Today-iň habaryna görä; Seýid Abbas Arakçi bu duşuşykda Liwanda we Hizbulladaky häzirki ýagdaý 33 günlük söweşden we 2006-njy ýyldaky Ysraýyl agressiýasyndan soňky wakalara meňzeýär we bu režimiň agressiw we agyr jenaýatlaryna garamazdan, Hizbullah çuňňur we güýçli güýç hökmünde Liwanyň özgerişler meýdançasynda barlygyny we täsirini saklady we berkitdi diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministri Ysraýyl režimi tarapyndan atyşygyň yzygiderli bozulmagyny howply diýip atlandyrdy we agressiýany duruzmak we Ysraýyly Liwanyň basyp alan ýerlerinden derrew çykarmak, şeýle hem bosgunlara ynsanperwer kömegini ibermek we kömek bermek prosesini çaltlaşdyrmak we ýeňilleşdirmek üçin BMG-nyň bu režime basyş etmekde işjeň we täsirli rol oýnamagynyň zerurdygyny aýtdy.

Jeanine Hennis-Plasschaert bu duşuşykda soňky sebitleýin we halkara geňeşmeleri barada hasabat berdi we Eýranyň Liwanda we sebitde dowamly durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde dowam etdirýän täsirli we işjeň roluna ünsi çekip, ýaraşyk şertnamasyna gatnaşýan taraplaryň ygrarlylygynyň dowamly durnuklylygy we howpsuzlygy ýola goýmak, bosgunlara kömek bermek we uruş zerarly sebitleri dikeltmek üçin ýol açjakdygyna umyt bildirdi.