Irawani: Eýran Siriýada hemmeleri öz içine alyjy hökümetiň gurulmagyny goldaýar
(last modified Thu, 13 Feb 2025 06:55:52 GMT )
Feb 13, 2025 11:55 Asia/Ashgabat
  • Irawani: Eýran Siriýada hemmeleri öz içine alyjy hökümetiň gurulmagyny goldaýar

Eýran Yslam Respublikasynyň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisi we hemişelik wekili Eýranyň erkin saýlawlar we Siriýada giňişleýin milli gepleşik arkaly hemmeleri öz içine alyjy hökümetiň gurulmagyny goldaýar diýdi.

Pars Today -iň habaryna görä, Eýranyň BMG-däki ilçisi we hemişelik wekili Amir Said Irawani bu halkara guramanyň Howpsuzlyk Geňeşiniň mejlisinde Günbatar Aziýanyň we Siriýanyň ýagdaýy barada eden çykyşynda, Eýran Yslam Respublikasy Siriýanyň özygtyýarlylygyna, garaşsyzlygyna, agzybirligine we territorial bitewiligine üýtgewsiz ygrarlydygyny ýene bir gezek nygtaýar diýdi.

Irawani, Siriýanyň geljegini diňe şu ýurduň halky kesgitlemelidigini we hiç hili daşary ýurt päsgelçiliksiz ýa-da dahylçylyksiz kesgitlemelidigini aýtmak bilen Sionist režimi Siriýa çynlakaý howp abandyrmagyny dowam etdirýär, sebäbi bu ýurduň özygtyýarlylygyny we territorial bitewiligini ençeme gezek bozupdy we Howpsuzlyk Geňeşiniň ähli kararlaryny aç-açan bozup, basyp alnan Golan belentliklerinden çekilmezligini dowam etdirýär diýip beýan etdi.

Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisi, Sionist režimiň agressiýasyny duruzmak we Siriýanyň ähli basyp alnan ýerlerinden çykmaga mejbur etmek üçin Howpsuzlyk Geňeşiniň aýgytly çäreleri görmelidigini aýtdy.