Taht-Rawançi: Eýranyň sebitiň geosyýasy syýasatynyň üýtgewsizligi baradaky pozisiýasy aýdyňdyr
(last modified Thu, 13 Feb 2025 11:41:12 GMT )
Feb 13, 2025 16:41 Asia/Ashgabat
  • Taht-Rawançi: Eýranyň sebitiň geosyýasy syýasatynyň üýtgewsizligi baradaky pozisiýasy aýdyňdyr

Eýranyň Daşary işler ministriniň syýasy meseleler boýunça orunbasary Yslam Respublikasynyň Ermenistanyň territorial bitewiligi baradaky aç-açan pozisiýasyna salgylanyp, Eýran sebitiň geosyýasy ýagdaýynyň üýtgemezligi meselesinde öz pozisiýasyny saklamagyny dowam etdirýär diýdi.

IRNA-nyň habaryna görä; Eýranyň Daşary işler ministriniň syýasy meseleler boýunça orunbasary Majid Taht Rawançi şu gün (penşenbe) Ermenistanyň Tährandaky ilçisi Grigor Hakobýan bilen bolan duşuşygynda, ýerewan bilen gatnaşyklary ösdürmek, Eýran Yslam Respublikasynyň daşary syýasatynda aýratyn ähmiýete eýe bolýar diýdi.

Ermenistanyň Tährandaky ilçisi Grigor Hakobýan hem Yslam Rewolýusiýasynyň ýeňşiniň 46 ýyllygyny gutlady we Eýran Yslam Respublikasy bilen özara hormat we ynam esasynda gatnaşyklary çuňlaşdyrmak Ermenistan hökümeti we halky üçin aýratyn möhümdir diýdi.

Şeýle hem, bu duşuşygyň dowamynda Eýran bilen Ermenistanyň syýasy, ykdysady, infrastruktura, energiýa we sebitleýin ösüşlerdäki hyzmatdaşlygy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we gözden geçirildi.