Goşunyň baş serkerdesi: Rahian-e- Nur wakasynyň netijeleri öwgä mynasypdyr
Eýran Yslam Respublikasynyň goşunynyň baş serkerdesi Rahian-e-Nuryň netijeleriniň öwgä mynasypdygyny aýtmak bilen Rahian-e-Nurda görülýän çäreler we maksatnamalar Yslam Eýran üçin ýagty geljegi döretmäge gönükdirilendir diýdi.
Pars Today -iň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň goşunynyň baş serkerdesi general-maýor Seýid Abdolrahim Musawi ýadygärlikleri goramak gaznasynyň we mukaddes goranyş gymmatlyklarynyň janaýamazlyk we şehitlik medeniýetini wagyz etmekdäki roly barada beren gürrüňlerinde, bolýan ajaýyp we möhüm wakalar, esasanam ýurduň buýsanjynda we güýjünde aýgytly rol oýnaýan wakalar hemişe nesilleriň aňynda galmalydyr diýip beýan etdi.
General-maýor Amir Musawi sözüniň ýene bir bölüminde Mukaddes Goranmak ýurduň geljekki buýsanjy üçin döredijilikli bir eserdir diýdi.
Amir general-maýor Musawi Rahian-e- Nuryň netijelerini öwgä mynasyp hasaplamak bilen bu bölümiň mukaddes goranmak hazynasynyň kuwwaty bilen baglanyşykly hereketleri ýokarlandyrylmaly diýdi.