Enaýati, Saud Arabystany Patyşalygynyň döredilmeginiň ýyl dönümini gutlady
Eýran Yslam Respublikasynyň Riýaddaky ilçisi çykyşynda Saud Arabystany Patyşalygynyň döredilmeginiň ýyl dönümini gutlady.
Pars Today -iň Fars habar gullugynyň habaryna salgylanyp beren habaryna görä, Eýranyň Riýaddaky ilçisi Alireza Enaýati bu mesele baradadaky çykyşynda, Fewral aýy Eýran bilen Saud Arabystanynyň arasyndaky duşuşyk nokadydyr sebäbi şu aýda Yslam Rewolýusiýasynyň ýeňşiniň ýyl dönümini belleýäris we Saud Arabystany hem öz ýurdunyň döredilmegini belleýär diýdi.
Ol sözüniň dowamynda Saud Arabystanyndaky doganlarymyzyň bizi gutlaýşy ýaly, bizem bu mübärek güni bilen olary gutlaýarys diýdi.
Enaýati sözüni dowam etdirip Alla islese, geljekde bu iki wakany bilelikde belläris diýdi.