Eýranyň Daşary işler ministri ýadro ýaragli döwletleriniň jogapkärçiligini nygtaýar
(last modified Tue, 25 Feb 2025 13:24:19 GMT )
Feb 25, 2025 18:24 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň Daşary işler ministri ýadro ýaragli döwletleriniň jogapkärçiligini nygtaýar

Seýid Abbas Aragçi BMG-nyň Jenewanyň ýaragsyzlandyrmak konferensiýasynda ýadro ýaragly döwletleri öz borçnamalary üçin jogapkärçilige çekmek baradaky halkara jemgyýetçiliginiň çäresini nygtady.

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri  Seýid Abbas Aragçi BMG-nyň Jenewanyň ýaragsyzlandyrmak konferensiýasynda  ýadro ýaragly döwletleri öz borçnamalary üçin jogapkärçilige çekmek baradaky halkara jemgyýetçiliginiň çäresini nygtady.

 2025-nji ýylyň 24-nji fewralynda duşenbe güni Şweýsariýanyň Jenewa şäherindäki Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa merkezinde açylan ýaragsyzlandymak baradaky konferensiýa, global howpsuzlyk we ýarag gözegçiligi pudagyndaky iň möhüm halkara wakalardan biridir. Duşuşyk BMG-nyň Baş sekretary Antonio Guterresiň çykyşy bilen başlandy, we bu döwrüň maksatlary we ileri tutulýan ugurlary hem kesgitlenildi.

Birleşen Milletler Guramasynyň ýaragsyzlandymak baradaky konferensiýasynyň (UNCD) Jenewada geçirilen ýokary derejeli ýygnagynda Aragçi ýadro ýaragynyň abanýan howpy we adamzada we daşky gurşawa abandyrýa howpy barada alada bildirdi we ýadro ýaragsyzlandymak meselesini Birleşen Milletler Guramasynyň we halkara jemgyýetçiliginiň ileri tutýan ugry hökmünde çagyrdy. Eýranyň Daşary işler ministri şeýle-de ýadro ýaraglary barada giňişleýin konwensiýa baglaşmagyň zerurdygyny aýtdy.

Eýranyň Daşary işler ministri  Aragçi  Jenewa sammitinde eden çykyşynda "Sionist režimiň  Gazada genosid we uruş jenaýatlary we adamzada garşy jenaýat ýaly görlüp-eşidilmedik we wagşyçylykly hereketleri etdi" -diýdi.  

Aragçi şeýle-de Bu režimiň eýe bolan köpçülikleýin gyryş ýaraglarynyň, esasanam ýadro ýaraglarynyň sebit we global parahatçylyga we howpsuzlyga çynlakaý howp abandyrmagyny aýdyp , halkara jemgyýetçiligiň bu režimi jogapkärçilige çekmeli we ýadro ýaragyny ýaýratmazlyk şertnamasyna goşmaly diýdi.

Daşarky giňişligi ýaragsyzlandyrmagyň zerurlygy barada durup geçip, Eýranyň Daşary işler ministri: "Eýran, kosmosdan parahatçylykly peýdalanmak baradaky hemişelik pozisiýasyny ýene bir gezek nygtaýar we kosmosdan parahatçylykly peýdalanmak üçin halklaryň aýrylmaz hukuklaryny bozýan birtaraplaýyn mejbury çäreleri girizmek synanyşygyny düýbünden ret edýär" -diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministriniň Jenewa sammitindäki pozisiýalary Eýranyň ýadro ýaragsyzlanmagyna rasional we hemmetaraplaýyn çemeleşmesini düşündirýär. Eýran Yslam Respublikasy, ABŞ-nyň JCPOA-dan birtaraplaýyn yza çekilmegine we günbatar partiýalarynyň borçlaryny ýerine ýetirmekde jogapkärçiliksizligine garamazdan, soňky ýyllarda Halkara Atom Energiýasy Guramasy bilen hyzmatdaşlygyny dowam etdirdi. IAEA-nyň soňky ýyllarda beren hasabatlarynda Eýranyň öz borçnamalaryna ygrarlydygy hem görkezildi.