Galibaf yslam ýurtlaryndaky kärdeşlerini mukaddes Remezan aýynyň gelmegi bilen gutlady
Muhammet Bager Galibaf yslam ýurtlaryndaky kärdeşlerini mukaddes Remezan aýynyň gelmegi bilen gutlady.
ISNA-nyň habaryna görä, Yslam Şura mejlisiň başlygy Muhammet Bager Galibafyň Yslam ýurtlaryndaky kärdeşlerine iberen aýry habarlarynyň teksti:
"Ziýafatullah aýynda yslamyň öwrediji dininiň beýik taglymatlaryndan peýdalanyp, musulman halklarynyň arasynda doganlyk we dostluk gatnaşyklarynyň pugtalanmagyna şaýat bolmagy we dünýäde adalat we dowamly parahatçylygyň berkarar bolmagyny hemde beýik yslam halky ähli taraplaýyn jebisligi we birleşigi göz öňünde tutup, gülläp ösmegini we güýç ýolunda öňe gitmegini umyt edýärin diýdi."
Häzirki wagtda arap we yslam ýurtlary uly synag bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar we Palestina meselesi diňe bir sebitiň ilatynyň däl, eýsem adamzadyň jebisliginiň nyşany we Yslam ymmatynyň geçmişden geljege çenli iň möhüm meselesi we garşylyk strategiýasy bu ýurtda agressiýany we basyp alyşy doly ýok edýänçä güýçli dowam eder diýdi.
Yslam ýurtlarynyň parlamentleri Palestina meselesini goldamakda öz roluny oýnamalydyr we Eýranyň Yslam Şura Mejlisi yslam ymmatynyň öňünde durýan meseleleri we howplary çözmek üçin hyzmatdaşlygyň we yslam ýurtlarynyň parlamentleri bilen has ýakyn jebisleşmek we tagallalaryň güýçlendirilmegini garşy alýar diýdi.
Taňrynyň çäksiz merhemetine we Guranyň iň ýokary taglymatlaryna esaslanyp, yslam ýurtlarynyň arasynda doganlyk we mähir gatnaşyklarynyň jebisleşmegine we güýçlenmegine şaýat bolarys diýip umyt edýärin."