Taht-Rawançi: Eýranyň daşary syýasatynda goňşularyň aýratyn orny bar
Eýranyň Daşary işler ministriniň Syýasy meseleler boýunça orunbasary Birleşen Arap Emirlikleriniň işgärleri bilen duşuşyklaryna ünsi çekip, Eýran Yslam Respublikasynyň daşary syýasatynda goňşularyň aýratyn ornunyň bardygyny aýtdy.
IRNA-nyň habaryna görä, Majid Taht Rawançi X sosýal ulgamynda ýakynda Abu-Dabiden gaýdyp geldim diýip ýazdy. Iki ýurduň arasyndaky syýasy geňeşmeleriň birinji tapgyrynyň çäginde Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler ministriniň orunbasary Lana Nusseibeh bilen uzak we netijeli duşuşdym diýdi.
Ol Şeýle hem, "Daşary işler ministri Halifa Şahin we prezidentiň diplomatik geňeşçisi Anwar Gargaş bilen hem duşuşdym" -diýdi. Duşuşyklaryň hemmesinde taraplar esasanam ykdysady ugurda gatnaşyklary giňeltmek isleglerini görkezdiler". Taht Rawançi sözüni şeýle dowam etdirdi: "Daşary syýasatda goňşularyň aýratyn orny bar. Dostluk we hyzmatdaşlyk arkaly sebitimiz üçin has gowy we abadan geljegi gurup bileris".