Eýran Nigerde ybadat edýänlere garşy terrorçylykly hüjümi ýazgarýar
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Nigeriň günorta-günbataryndaky Kokoro sebitindäki metjide edilen terrorçylykly hüjümi we netijede onlarça agyz bekleýän adamyň öldürilmegine we ýaralanmagyna sebäp bolan hereketi berk ýazgardy.
Pars Today habar gullugynyň habaryna görä, şenbe güni Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Ismail Bagaýi juma namaz wagtynda mukaddes ýerde edilen bu terrorçylyk hereketini yslam kanunlaryna garşy we ähli halkara hukuk we adam hukuklary kadalaryna ters gelýän hereket bilmek bilen pida bolanlaryň maşgalalaryna, Nigeriň milletine we hökümetine duýgudaşlyk bildirdi.
Bagaýi terrorçylygyň we zorlukly ekstremizmiň ähli görnüşlerini we ýüze çykmalaryny ýazgarmakda Eýran Yslam Respublikasynyň prinsipial pozisiýasyny ýada salyp , terrorçylygyň öňüni almak we oňa garşy göreşmek, terrorçylykly hereketleri edenleri we esaslandyryjylary jogapkärçilige çekmek we jezalandyrmak üçin dürli sebit we halkara derejesinde hyzmatdaşlygy we utgaşdyrmagy has-da güýçlendirmegiň zerurdygyny aýtdy.