Aragçiniň pikiriçe, Eýranyň Kawkaza bolan garaýşy
Eýranyň Daşary işler ministri ýurtlaryň özygtyýarlylygyna hormat goýulmagyny we Günorta Kawkaza daşary ýurt goşulyşmagynyň kabul ederlikli däldigini aýtdy.
Pars Today -iň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Seýid Abbas Aragçi "Kawkaza bolan garaýşymyz ýurtlaryň territorial bitewiligine we garaşsyzlygyna, ykdysady hyzmatdaşlyga we sebitiň daşyndaky aktýorlaryň gatyşmazlygyna esaslanýar" -diýdi.
Aragçi X sosial ulgamynda şahsy sahypasynda soňky döwürde Ermenistana eden sapary we bu ýurduň ýokary derejeli resmileri bilen duşuşmagy barada hat ýazyp, Ýerewana umumy gyzyklanma döredýän ýa-da gyzyklanýan ikitaraplaýyn we sebit meselelerini gözden geçirmek üçin gaty üstünlikli sapar etdim diýip yglan etdi.
Eýranyň Daşary işler ministri şeýle-de "Eýran bilen Ermenistanyň arasyndaky berk dostlugyň köp asyrlyk taryhyň, medeni sazlaşygyň we birek-birege hormat we bähbitleriň esasynda birek-birege ynamyň toplanmagynyň netijesidir" -diýdi.
Aragçi soňda goňşularymyzy ileri tutýarys diýip ýazdy.