Bagaýi: Amerika, Eýrana garşy islendik çäräni netijeleri bilen birlikde kabul etmelidir
(last modified Mon, 31 Mar 2025 11:07:41 GMT )
Mar 31, 2025 16:07 Asia/Ashgabat
  • Bagaýi: Amerika, Eýrana garşy islendik çäräni netijeleri bilen birlikde kabul etmelidir

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary öz sargydynda Eýranyň bir ýurduň baştutany tarapyndan bombalamak howpunyň halkara parahatçylygynyň we howpsuzlygynyň düýp manysyna aç-açan gapma-garşydygyny aýtdy.

Pars Today -iň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Ismail Bagaýi X sosial ulgamynda ýazan hatynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Eýrana garşy islendik çäräni netijeleri bilen birlikde kabul etmelidigini aýdyp, Eýranyň bir ýurduň baştutany tarapyndan bombalanmagynyň aç-açan howpy halkara parahatçylygyň we howpsuzlygyň düýp manysyna düýpden ters gelýär. Şeýle howp Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň gödek bozulmagy we Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň gorag düzgüniniň bozulmagydyr. Zorluk zorluk getirýär, parahatçylyk parahatçylyk döredýär. Amerikanyň Birleşen Ştatlary, netijeleri bilen saýlap biler diýdi.

IRNA-nyň habaryna görä, Donald Trump 30-nji Mart, ýekşenbe güni NBC News bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde "Eýran ylalaşyga ýetmese, bombalanar. "Öň görmedikleri ýaly bombalanar" diýdi.