Eýran Türkmenistanyň gazyny Pakistana geçirmäge taýýarlygyny yglan etdi
Eýranyň nebi ministriniň orunbasary Türkmenistanyň gazyny Pakistana geçirmäge Eýran Yslam Respublikasynyň taýýarlygyny yglan etdi.
şu gün Eýranyň nebi ministriniň orunbasary Hamidreza Aragçi Irna habarlar gullugy bilen geçiren söhbetdeşliginde Türkmenistanyň gazyny Pakistana geçirip biljek iň gowy ýolyň Eýran-dygyny aýdyp Eýran Yslam Respublikasy iň gysga wagtyň içinde we az harajat bilen Türkmenistanyň gazyny alyp Pakistana gowşuryp biljekdir diýip nygtady.
Hamidreza Aragçi TOPH gaz geçirijisiniň başa barmagyny çetin hasaplap Eýran Türkmenistanyň gazyny Pakistana geçirmäge taýýarlygyny yglan edendir diýdi.
durmuşda Eýran Türkmenistanyň gazyny Azerbaýjan respublikasyna SWAP edýändir we Türkmenistanyň serhedinde gazy alyp onuň ýerine Azerbaýjan respublikasyna gaz berýändir.TOPH gaz geçirijisini amala aşyrmak üçin 10 milliard dollar çykdaýjy edilmelidir.