Eýranyň we Türkiýäniň Daşary işler ministrleri BRIKS-iň çäginde duşuşdylar
(last modified Mon, 07 Jul 2025 10:01:35 GMT )
Jul 07, 2025 15:01 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň we Türkiýäniň Daşary işler ministrleri BRIKS-iň çäginde duşuşdylar

Eýranyň Daşary işler ministri BRIKS sammitiniň çäginde türk kärdeşi bilen duşuşdy. Duşuşykda Türkiýe bilen Eýranyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar we Günbatar Aziýa sebitindäki soňky wakalar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Pars Today-iň habaryna görä, Seýid Abbas Aragçi, Türkiýäniň Daşary işler ministri Hakan Fidan bilen bolan duşuşygynda Türkiýe bilen Eýranyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary we Sionist režimiň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Eýrana garşy harby çozuşlaryndan soň Günbatar Aziýa sebitindäki soňky wakalary ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem bu duşuşykda Gazadaky genosidi bes etmek we sionist režimi agyr jenaýatlary üçin jogapkärçilige çekmek üçin gyssagly çäre görülmelidigi nygtaldy.

BRIKS-iň 17-nji sammitine gatnaşmak üçin Braziliýa giden Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Seýid Abbas Aragçi sammitiň çäginde Hindistanyň Daşary işler ministri Subrahmanýam Jaýşankar bilen duşuşyp, özara gyzyklanýan meseleler barada pikir alyşdy.

Bu duşuşykda Eýran bilen Hindistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar we Sionist režimiň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Eýrana garşy harby agressiýasyndan soň Günbatar Aziýa sebitinde bolup geçen soňky wakalar ara alnyp maslahatlaşyldy we pikir alyşyldy.