Ruhani:Eýrany gorkunç görkezmek mekirli hiledir
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i2742-ruhani_eýrany_gorkunç_görkezmek_mekirli_hiledir
Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani Eýrany gorkunç görkezmek syýasatyň ýalan we mekirli hiledigini we Eýrany ýadro bombany bejermek ugurda tagalla etmekde aýyplamagynyň puçdygyny Tehran dünýä ähline mälim edendir diýip nygtady.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
May 07, 2018 12:53 Asia/Ashgabat
  • Ruhani:Eýrany gorkunç görkezmek mekirli hiledir

Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani Eýrany gorkunç görkezmek syýasatyň ýalan we mekirli hiledigini we Eýrany ýadro bombany bejermek ugurda tagalla etmekde aýyplamagynyň puçdygyny Tehran dünýä ähline mälim edendir diýip nygtady.

Eýranyň tele-radio habarlar gullugynyň beren habaryna görä,şu gün prezident Hasan Ruhani Rzawi Horasan welaýatynda 436 taslamanyň açylyş dabarasynda eden çykyşynda käbir taraplaryň Eýranyň ýadro işleri baradaky esassyz howatyrlanmalary aýrylandyr diýmek bilen Eýran Yslam Respublikasy bu howatyrlanmalary ýadro ylalaşygynda kämil aradan aýyrandyr we ýadro ylalaşygy Eýranyň ýadro ýaragyň yzynda däldigine ynam geçirýändir diýip nygtady.

Ruhani şeýle-de durmuşda diňe Amerika ýadro ylalaşygyny bozmagyň yzyndadyr diýmek bilen egerde Waşington döwleti ygraryndan dänse umumy pikirler we dünýä döwletleri Amerikany ygrarsyz hasaplajakdyrlar diýip sözüne goşdy.

Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani şeýle-de bir wagtda köp ugurlardaky 30 proýekti Razawi Horasan welaýatynda ulanyşa berdi.