Ruhani bilen Ärdogan Eýran bilen Türkiýäniň hyzmatdaşlyklarynyň geriminiň giňeldilmegini islediler
Eýranyň döwlet baş tutany Hasan Ruhani Türk kärdeşi Rejep Taýyp Ärdogan bilen geçiren duşuşygynda sebit meselelerini çözmek aýratynda Palestinanyň zulum astyndaky milletiniň hukukyny goramak ugurda Tehran-Ankarayň hyzmatdaşlyklary zerurdyr diýip nygtadylar.
Öten agşam prezident Ruhani Stambulda geçirilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň başlyklarynyň maslahatynyň ýanynda Ärdogan bilen geçiren duşuşygynda Tehran-Ankaranyň gatnaşyklarynyň ösdürilmegi iki milletiň hemde sebitiň howpsyzlygynyň bähbidinedir diýip beýan etdi.
Ruhani şeýle-de Eýran bilen Türkiýäniň söwda,ykdysady,syýasy we medeni hyzmatdaşlyklary ähmiýetlidir diýmek bilen iki ýurdyň bank hyzmatdaşlyklarynyň hem ösdürilmegini isledi.
Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan hem bu duşuşykda Tehran-Ankarayň gatnaşyklarynyň ösdürilmegini nygtamak bilen bir wagtda Amerikanyň bir taraplaýyn hereketiniň garşysynda berk durulmalydygyny aýtdy.
Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani bir günlük Türkiýe saparyny tamamlap şu gün Tehrana geldi.