Eýranyň daşary işler ministrligi Amerikanyň daşary işler ministrniň pis sözlerine jogap berdi
Eýranyň daşary işler ministrligi bir beýannama boýunça Amerikanyň daşary işler ministri maýk Pompeonyň Eýrana garşy aýdan pis sözlerini Amerikanyň ejizliginiň alamaty hasaplap Eýran Yslam Respublikasy Amerikanyň hamala Eýrana garşy täze strategiýasynda ara atylan toslamalaryny ret etmek bilen bir wagtda Maýk Pompeonyň aýdan sözleri äşgär şeklinde Eýranyň içeri işlerine gatyşmak bilýändir diýip yglan etdi.
Eýranyň daşary işler ministrligi beýananamanyň dowamynda Maýk Pompeonyň pis, içi boş hemde başga ýurtlaryň içeri işlerine gatyşmak esasynda hasaplap uly siwilizasiýadan paýly bolan Eýran milletine ýaraşmaýan bu aýyplamalaryň ara atylmagy Amerikanyň ejizligini alamatlandyrýandyr diýip nygtady.
Amerikanyň daşary işler ministri maýk Pompeonyň Eýrana garşy aýdan pis sözlerini ýene bir gezek Amerikanyň maglumat kemçiliklerini, başy çaşgynlygyny we tutum tutmakda belli bir ýörelgeden paýsyzdygyny paş etdi diýip Eýranyň daşary işler ministrligi beýananamanyň dowamynda geçitipdir.