Aýatolla Ymami kaşani: Eýranyň ösüşi babatly Amerikalylar gahardadyrlar
(last modified Fri, 25 May 2018 17:03:02 GMT )
May 25, 2018 22:03 Asia/Ashgabat
  • Aýatolla Ymami kaşani: Eýranyň ösüşi babatly Amerikalylar gahardadyrlar

Tehraniň wagtlaýyn juma ymamy Eýranyň ösüşi babatly Amerikalylar gahardadyrlar diýmek bilen olar gaharlary babatly heläk boljakdyrlar diýip nygtady.

Aýatolla Muhammet Ymami Kaşani Tehraniň juma namazynyň hutbalarynda beren gürrüňlerinde duşmany we onuň hilelerini tanamaklygy nygtamak bilen bir wagtda Amerikanyň prezidenti Donald Trampyň ýadro ylalaşygy baradaky boluşy bu ýurduň resmileriniň yslama garşydyklaryny we musulman ýurtlara urgy urmagyň yzyndadyklaryny mälim edendir diýip beýan etdi.

Tehraniň wagtlaýyn juma ymamy Aýatolla Muhammet Ymami Kaşani sözüniň dowamynda duşmanlar yslam dünýäsiniň mydama ykdysady we howpszyk taýdan kynçylykda bolmagyny isleýändirler diýmek bilen duşmanlar yslamyň ösüşe, kuwwatlylyga we ýurduň abraýnyň artmagyna sebäp bolýandyklaryny bilýändirler şonuň üçin hem bu ylahy dine urgy urmagyň yzyndadyrlar diýip nygtady.