bütindünýä kudus gününiň ýol ýörişleriniň soňunda çykarlan kararhat
(last modified Fri, 08 Jun 2018 13:47:55 GMT )
Jun 08, 2018 18:47 Asia/Ashgabat
  • bütindünýä kudus gününiň ýol ýörişleriniň soňunda çykarlan kararhat

Eýran milleti bütindünýä kudus gününiň ýol ýörişlerine giň gerimde gatnaşyp ýene birgezek Kudusdan we Palestinanyň zulum astyndaky milletinden arka çykýanlygyny yglan etmek bilen bir wagtda sionistlere we bütindünýä imperializme garşy göreşmek ugurda Palestinalylara köňül ýardamyny berdiler. Eýran milleti bütindünýä kudus günündegiň gerimde geçiren ýol ýörişleriň soňunda bir kararhaty çykardylar.

bu kararhatda şerif kudusyň halas bolmagy we palestinanyň zulum astyndaky milletiniň basybalyjy sionist režimiň elinden halas bolmagy nygtaldy.

onuň dowamynda şeýle-de Eýranyň yslam ynkylabynyň maksatlarynyň birisi adynda seretanlyk mäz bolan Ysraýyl režiminiň ýogalmagy nygtalandyr.

bütindünýä kudus gününiň ýol ýörişlerine gatnaşan ilat şeýle-de Amerikanyň prezidenti Donald Trampyň bu ýurduň telawiwdaky ilçihanasyny Kudusa geçirmek baradaky bikanun hereketini ýazgarmak bilen bir wagtda beýtolmukaddesiň halas bolmagy we palestina milletine goldaw berilmegi yslam dünýäsiniň gün tertibinde duran birinji meselesidir we bu maksadyň amala aşmagy ugurda selteň salýan her hili hereket ýazgarylýar diýip yglan etdiler.

bütindünýä kudus gününiň ýol ýörişleri bir wagtda Eýranyň 900-den gowrak şäherinde geçirildi we içerden we daşardan 5300 habarçy hem bu güne degişli habarlary neşir edendirler.

ýeri gelende aýtsak Eýran milleti bilen bir wagtda dünýäniň dürli ýurtlarynda ylaýtada musulman ýurtlarda şol sanda Yrakda, Siriýadam Bahreýnde, Pakistanda, Liwanda, malaýziýada, Indoneziýada we ýemende bütindünýä kudus güni mynasybetli ýörişler geçirildi.