Jun 20, 2018 21:11 Asia/Ashgabat
  • mertebesi belent ýolbaşçy: Eýranyň mejlisi terrorizme we gara puly aklamaga garşy göreşmek ugurda kanun çykarsyn

Eýranyň Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla Hameneýi Hezretleri paýhasly we kemala ýeten Eýranyň yslam şura mejlisi terrorizme we gara puly aklamaga garşy göreşmek ýaly mowzuglar hakynda garaşsyzlykda kanun çykarsyn diýdiler.

şu gün Eýranyň Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla Hameneýi Hezretleri Eýranyň yslam şura mejlisiniň başlygy, wekilleri we işgärleriniň bir topary bilen geçiren duşuşygynda halkara derejesindäki käbir konwensiýalaryň we şertnamalaryň garşysynda dogry amal edilmegiň ýollary barada agzap bu şertnamala ilki bada uly gudratlaryň pikir otaklarynda we öz maksatlaryny üpjün etmek niýeti bilen düzülýändir ondan soňra ugurdaş ýada garaşly döwletleriň oňa goşulmagy bilen görme göze globallaşýandyr we Eýran ýaly ýurt hem ony kabul etmese Eýrany ýekeleýändirler hamala 150 ýurt ony kabul etdi sen nämüçin ony kabul etmeýärsiň diýip käýinç edýärler diýip beýan etdiler.

Eýranyň Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla Hameneýi Hezretleri sözüniň dowamynda dünýä derejesindäki zoraýdyjylaryň betniýetlilikleriniň paş bolup duranlygyna yşarat edip Amerikada müňleçe çaganyň ene-atalaryndan aýrylyşdyrylmaklaryny göreniňde adam bitakat bolýar emma Amerikalylar aňrybaş betniýetlilik bilen bosgunlaryň çagalaryny ene-atalaryndan jidalaşdyrýandyrlar diiýp nygtadylar.

Eýranyň Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla Hameneýi Hezretleri sözüniň ýene bir bölüminde döwrebap ýaraglara eýe bolan birnäçe ýurdyň ýemeniň bir portyny bu ýurdyň zulum astyndaky milletiniň erkinden çykarmak ugurdaky hüjümlerini ünýäniň zoraýdyjylarynyň betniýetlilikleriniň ýene bir mysaly hasaplamak bilen umumadamzadyň bu duşmanlary Eýran milletiniň çydamlylygy we adalattalaplygy babatly Eýran Yslam respublikasyna duşmançylyk edýärler emma Eýran milleti allanyň ýardamy we içerki birleşigi bilen Amerika we başga duşmanlary şowsuzlyga uçratjakdyr diýip beýan etdiler.

Tags