Zarif sebitleýin hyzmatdaşlyklaryň ösdürilmegini nygtady
Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad zarif Tehran-Daşkendiň hyzmatdaşlyklarynyň ösdürilmegi iki milletiň hemde sebitiň howpsuzlygynyň we durnuklylygynyň bähbidinedir diýdi.
şu gün Muhammet jawad zarif Tehranda Özbegistanyň prezidentliginiň howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Wiktor Muhammedow bien geçiren duşuşygynda Eýran yslam respublikasy hyzmatdaşlyklar esasynda kuwwatly sebiti isleýändir diýip yglan etdi.
Zarif şeýle-de Owganystanda tranzit örisinde ykdysady hyzmatdaşlyklary ösdürmek we howpsuzlygy berkitmek Eýran bilen özbegistanyň sebitleýin hyzmatdaşlyklarynyň maksatlaryndandyr diýip sözüne goşdy.
Wktor mahmudow hem bu duşuşykda Eýran bilen Özbegistanyň taryhy we medeni meňzeşliklerine yşarat edip Özbegistanyň prezidenti Eýran bilen köpugurly gatnaşyklaryň ösdürilmegini isleýär diýip yglan etdi.