Ruhani: yradalaryň söweşinde Eýran milleti Amerikany ýeňjekdir
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i3345-ruhani_yradalaryň_söweşinde_eýran_milleti_amerikany_ýeňjekdir
Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani hüjümçiniň we zor aýtýanyň garşysynda Eýran milletiniň hiç haçan başyny egmänligini aýdyp yradalaryň söweşinde Eýran milleti Amerikany ýeňjekdir diýdi.
(last modified 2026-02-01T01:27:28+00:00 )
Jun 28, 2018 06:47 Asia/Ashgabat
  • Ruhani: yradalaryň söweşinde Eýran milleti Amerikany ýeňjekdir

Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani hüjümçiniň we zor aýtýanyň garşysynda Eýran milletiniň hiç haçan başyny egmänligini aýdyp yradalaryň söweşinde Eýran milleti Amerikany ýeňjekdir diýdi.

prezident Hasan Ruhani döwletiň ýokary derejeli müdirleri bilen geçiren maslahatynda Amerikanyň ýadro ylalaşygyndan çykanlygyna yşarat edip bu meseläniň üstünden 51 güniň geçip duran mahaly dünýäniň bütin ýurtlary donald Trampy we Amerikanyň häkimlerini ýazgarýarlar emma hiç kim Eýran yzya çekildi diýýändäldir ýada gadaganlyklardan gorkdy diýýändäldir belkide hemmeler Eýranyň akyla laýyk boluşyndan agzaýandyrlar diýip nygtady.

Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani sözüniň dowamynda ýadro ylalaşygy berkarardyr diýmek bilen Amerika, sionist režimi we duşmanlar Amerikanyň ýadro ylalaşygyndan çykmagyndan birnäçe sagat soňra Eýran hem ýadro ylalaşygyndan çykar diýip gümän edýärdiler emma Eýran howlukmaçlyk bilen tutum tutandäldir diýip beýan etdi.

Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani şeýle-de Eýranyň 3 çäresi bardy birinjiden Amerikanyň garşysynda boýun  bolunmalydy ikinjiden içerki agzalalyklar bilen hemra Amerikanyň garşysynda durulmalydyr we üçünjiden içerki agzalalyklary gyraga taşlap we milli abraýy gorap Amerikanyň garşysynda durulmalydyr diýip we Eýran milleti hem 3-nji çäräni saýlandyr we yradalar söweşinde Amerikany dyza çökertjekdir diýip sözüne goşdy.