Eýran bilen Özbegistanyň maýagoýumlyk boýunça bilelikdäki komiteti guralýar
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i3348-eýran_bilen_Özbegistanyň_maýagoýumlyk_boýunça_bilelikdäki_komiteti_guralýar
Eýranyň maýagoýumlyklar we ykdysady hemde tehniki kömekler guramasynyň başlygy Muhammet Hazaýi sebit ýurtlary şol sanda Özbegistan bilen hyzmatdaşlyklary ösdürmek Eýranyň strategiýasynyň güntertibindedir diýip yglan etdi.
(last modified 2021-12-27T10:31:41+00:00 )
Jun 28, 2018 20:46 Asia/Ashgabat
  • Eýran bilen Özbegistanyň maýagoýumlyk boýunça bilelikdäki komiteti guralýar

Eýranyň maýagoýumlyklar we ykdysady hemde tehniki kömekler guramasynyň başlygy Muhammet Hazaýi sebit ýurtlary şol sanda Özbegistan bilen hyzmatdaşlyklary ösdürmek Eýranyň strategiýasynyň güntertibindedir diýip yglan etdi.

şu gün Eýranyň maýagoýumlyklar we ykdysady hemde tehniki kömekler guramasynyň başlygy Muhammet Hazaýi Tehranda Özbegistanyň söwda ministri Jamşid Hajeow bilen geçiren duşuşygynda Eýran bilen Özbegistanyň syýasy, ykdysady we howpsuzlyk bähbitleri bir-birlerine ilteşendir diýmek bilen iki ýurdyň hyzmatdaşlyklarynyň ösdürilmegi zerurdyr diýdi.

Özbegistanyň söwda ministri Jamşid Hajeow hem bu duşuşykda bu ýurdyň prezidentiniň Eýran bilen hyzmatdaşlyklaryň ösdürilmegine ýörite ähmiýet berýänligini aýdyp Daşkent döwleti Tehran bilen ykdysady hyzmatdaşlyklaryny ösdürmäge ýörit ähmiýet kaýyl bolýandyr diýip yglan etdi.