Jul 12, 2018 17:24 Asia/Ashgabat
  • Tramp NATO guramasyndan çykmak bilen haýbat atdy

Amerikanyň prezidenti Donald Trampyň wehimli gürrüňlerinden soňra NATO guramasynyň başlyklary gyssagly we gizlin maslahaty geçirdiler.

Amerikanyň döwlet baştutany Donald Tramp NATO guramasynyň maslahatynda eden çykyşynda bu guramanyň düzümindäki ýurtlaryň jemi içeriki önüminiň 2 göterimini harby işlere ýöriteleşdirilmän ýagdaýynda Waşington döwletiniň NATO guramasyndan çykjakdygyny yglan etdi.

Trampyň bu haýbat atmagyndan soňra NATO guramasynyň başlyklary bu guramanyň düzüminde bolmadyk ýurtlar bolan Ukraina we Gruziýanyň wekillerinden maslahatdan çykmaklaryny islediler we hususy şekilinde Trampyň haýbat atmagy barada pikir alyşdylar.

düýn 11-nji Iýulda başlanan NATO guramasynyň başlyklarynyň 29-nji maslahaty şu gün gutarýar.

Tags