ýemende urşy togtadmak ugurda musulman syýasy şahsyýetleriň beýannamasyny Eýran goldady
(last modified Wed, 18 Jul 2018 15:12:27 GMT )
Jul 18, 2018 20:12 Asia/Ashgabat
  • ýemende urşy togtadmak ugurda musulman syýasy şahsyýetleriň beýannamasyny Eýran goldady

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili bahram Gasemi ýemende 3 aýlap urşyň togtadylmagy ugurda musulman syýasy şahsyýetleriň çykaran beýannamasyny goldady.

Bahram Gasemi ýemen urşynyň başyndan Eýran Yslam respublikasynyň tizlik bilen bu urşyň togtadylmagyny isläp gelýänligini aýdyp şu ugrda Eýranyň daşary işler ministri Muhammet jawad Zarif 4 matdadan ybarat bolan çäräni teklip edendir diýip yglan etdi.

Gasemi şeýle-de Eýran yslam respublikasy ýemen meselesini syýasy ýoldan çözüp biljek her bi taslamany hemişekiler ýaly goldajakdyr diýip sözüne goşdy.

musulman ýurtlaryň syýasy şahsyýetleri soňky wagtlarda Iordaniýada geçiren maslahatlarynda ýemende 3 aýlap urşyň togtadylmagyny we Birleşen Milletler guramasynyň gözegçiligi astynda giň gerimde gepleşikleriň başlanmagyny islediler.