Jahngiri:Amerikanyň gadaganlyklarynyň maksady Eýran milletine basyş bermekdir
Eýranyň prezidentiniň birinji orunbasary Eshak Jahangiri Eýranyň nebit eksportynyň öňüne geçmek baradaky Waşingtonyň toslamasyny puç hasaplap Amerikanyň gadaganlyklaryndan maksady Eýran milletine basyş bermekdir diýip nygtady.
şu gün Eýranyň prezidentiniň birinji orunbasary Eshak Jahangiri daşary ýurtlardaky Eýranyň wekiliýetleriniň başlyklarynyň ýygnagynda beren gürrüňlerinde Eýranyň sebitdäki strategik ýagdaýna yşarat edip Eýran goňşylary bilen dostlukly gatnaşyklary berkarar edendir diýdi.
Jahangiri sözüniň dowamynda Amerika döwleti käbir ýurtlaryň Eýran bilen edýän hyzmatdaşlyklarynyň öňüne geçjek bolýandyr diýmek bilen dünýä ýurtlary Eýrany goldaýandyrlar we Amerika halkara derejesinde çetleşendir diýip nygtady.
Jahangiri şeýle-de Waşington döwleti Eýrana garşy ykdysady basyşlary bilen Eýran halkynyň ýaşaýyşynda täsir galdyryp başar mukam diýip güman edýär diýdi.