Ruhani Gazagystana sapar edýär
Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani hazar ýakasynda ýerleşen ýurtlaryň başlyklar maslahatyna gatnaşmak üçin erti ýekşenbe Gazagystana sapar edýär diýip Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Bahram Gasemi habar berdi.
Bahram Gasemi prezident Ruhaniň gazagystana saparyna yşarat edip hazar ýakasynda ýerleşen ýurtlaryň daşary işler ministrleri hazaryň hukuk derejesi baradaky konwensiýany düzüp taýýarlamak üçin şu gün maslahat geçirýärler we erti hem bu konwensiýanyň hazar ýakasynda ýerleşen ýurtlaryň başlyklarynyň gol çekmeklerine garaşylýar diýip yglan etdi.
hazar ýakasynda ýerleşen ýurtlaryň bu deňiz barada nazara alýan meseleleriniň 80 göterimi ýaňky konwensiýada getirlendir diýip Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Bahram Gasemi aýtdy.
Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad zarif hem Aktau barandyr.