Eýranyň Wenadaky wekili OPEC guramasynyň syýasylaşmazlygyny nygtady
Wenada ýerleşen halkara guramalardaky Eýranyň ilçisi we wekili Kazem garibabadi käbir ýurtlar OPEC guramasy arkaly özleriniň syýasy maksatlaryny yzarlaýandyrlar diýmek bilen bu guramanyň syýasylaşmazlygyny nygtady.
Kazem garibabadi Wenada OPEC guramasynyň başsekretary Muhammet Sanusi barkindo bilen geçiren duşuşygynda halkara gatnaşyklaryndaky we energiýa bazaryndaky durmuşky durnuksyzlyklara garamak bilen OPEC guramasynyň garaşsyzlygyny goramagyny isledi.
OPEC guramasynyň başsekretary hem bu duşuşykda Eýran Yslam respublikasy OPEC guramasynyň düýbini tutan ýurtlaryň birisi adynda bu guramanyň çäginde önjeýli roly ýerine ýetirendir diýmek bilen OPEC guramasynyň garaşsyzlygy ýokary ähmiýete eýedir diýip nygtap geçdi.