Gazi Asgar:Eýran bilen Saud Arabystany özara kynçylyklaryny gepleşikler arkaly çözüp başarjakdyrlar
Eýranyň ýolbaşçylygynyň haj we zyýarat işleri boýunça wekili we Eýranly hajylaryň jogapkäri haj diplomatiýasy Tehran-Riýadyň syýasy şertleriniň gowlaşmagyna kömek edip biljekdir diýmek bilen sebitiň iki uly ýurdy bolan Eýran bilen Arabystan özara kynçylyklaryny gepleşikler arkaly çözüp başarjakdyrlar diýip nygtady.
Irna habarlar gullugynyň beren habaryna görä,hojjatull yslam Seýedali Gazi Asgar Mekgede habarçylaryň arasynda beren gürrüňlerinde Eýran bilen Arabystan döwletleri haj meselesi barada gepleşikler arkaly öz programalaryny ileri äkidip bilişi ýaly syýasy gatnaşyklaryny hem gepleşikler arkaly gowlaşdyryp başarjakdyrlar diýip beýan etdi.
Gazi Asgar şeýle-de haj möwsüminiň gidişinde Arabystanyň resmileri bilen geçiren gepleşiklerine yşarat edip üstümizdäki ýylda haj dabarasynyň oňat şekilinde geçirilmegi Tehran bilen Riýadyň uzak möhletli gatnaşyklary üçin gepleşikleri geçirmeklerine sebäp bolmagyny umyt etdi.