Amir Hatami:daşarydan hiç bir gudrat Eýrany gorkuzyp başarmaz
Eýranyň goranmak ministri daşarydan hiç bir gudrat Eýrany gorkuzyp başarmaz diýmek bilen duşmanlar Eýranyň goranyş başarnygyndan habarly bolansaňlar Eýrana garşy harby çäreden agzaýan däldirler diýip nygtady.
şu gün Amir Hatami yslam şura mejlisiniň milli howpsyzlyk we daşary syýasat komissiýasynyň maslahatynda eden çykyşynda Eýranyň goranyş senagatynyň ekspertleri ýurdyň harby kuwwatlylygyny ýokarlandyrmak ugurda bar tagallasyny edip durandyrlar diýmek bilen duşmanlar sebiti durnuksyzlaşdyrmak we goranyş mümkinçiliklerini döwrebaplaşdyrmak ugurda milliardlarça dollar çykdaýjy edýändirler diýip beýan etdi.
Amir Hatami soňky wagtlarda Siriýa gurnan saparyna hem yşarat edip Siriýanyň döwleti we milletiniň birleşigi we çydam toplumynyň tagallasy netijesinde duşmanlaryň Siriýadaky uly pitnesi şowsyzlyga uçrandyr diýip nygtap geçdi.