Zarif pakistanyň täze premýer ministri bilen duşuşdy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i3710-zarif_pakistanyň_täze_premýer_ministri_bilen_duşuşdy
Eýranyň daşary işler ministri Muhammet jawad zarif Yslamabatda Pakistanyň täze premýer ministri bilen duşuşyp gürrüň etdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Aug 31, 2018 17:04 Asia/Ashgabat
  • Zarif pakistanyň täze premýer ministri bilen duşuşdy

Eýranyň daşary işler ministri Muhammet jawad zarif Yslamabatda Pakistanyň täze premýer ministri bilen duşuşyp gürrüň etdi.

Muhammet jawad Zarif bilen Omran han Yslamabatda geçiren bu duşuşyklarynda Eýran bilen pakistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň ösdürilmeginiň ähmiýetlidigini nygtap yslam dünýäsindäki musulman ýurtlaryň hyzmatdaşlyklarynyň hem ösdürilmegini islediler.

iki tarap bu duşuşykda şeýle-de sebitiň bütin ýurtlarynda parahatçylygyň we howpsuzlygyň berkarar edilmegini nygtamak bilen bir wagtda terrorizme we ekstremizme garşy göreşmek ugurda arkadaşlyk edilmegini islediler.

Eýranyň daşary işler ministri Muhammet jawad zarif  bir topara ýolbaşçylyk edip iki günlik sapar bilen Pakistanyň paýtagty Yslamabada bardy we bu ýurdyň ýokary derejeli resmileri bilen duşuşyp gürrüň etdi.