Eýran,Orsýet we Türkiýäniň prezidenleriniň bilelikdäki beýannamasy
Eýran, Orsýet we türkiýäniň prezidentleri Tehranda geçiren üçtaraplaýyn maslahatynyň soňunda bilelikde bir beýannama çykaryp Siriýanyň häkimikýetine, garaşsyzlygyna, birleşigine we toprak bitewiligine goldaw berýändiklerini yglan etdiler.
Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani, Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin we türkiýäniň prezidenti rejep taýyp Ärdogan şu gün tehranda geçiren maslahatynyň soňunda 12 bentde çykaran beýannamalarynda Siriýada Birleşen Milletler Guramanyň howpsuzlyk geňeşi tarapyndan terrorçy tanalan DAEŞ, Jiphätonnosra we beýleki bütin toparlara garşy göreşilmeginde birek birek bilen edýän hyzmatdaşlyklaryny dowam etdirjekdiklerini yglan etdiler.
Siriýadaky dawanyň hiç biri harby çäresi ýokdyr we onuň ýekeje çäresi syýasay hereketleriň dowam etdirilmegi we gepleşikleriň geçirilmegidir diýlip ýaňky beýannamada getirlendir.
Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani, Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin we türkiýäniň prezidenti rejep taýyp Ärdogan şeýle-de Siriýa ilatynyň amanlykda öz ýaşaýyş mekanlaryna dolanmaklaryna şert döredilmeginiň gereklidigini nygtadylar.