Welaýati: Eýran milleti bütin gadaganlyklaryň öňünde durjakdyr
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i3792-welaýati_eýran_milleti_bütin_gadaganlyklaryň_öňünde_durjakdyr
Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysynyň halkara işler boýunça maslahatçysy Ali Akbar Welaýati Eýran milleti özüne daýanyp we garaşsyzlygyny gorap günbatar ýurtlaryň bütin gadaganlyklarynyň garşysynda durjakdyr diýip nygtady.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Sep 16, 2018 15:09 Asia/Ashgabat
  • Welaýati: Eýran milleti bütin gadaganlyklaryň öňünde durjakdyr

Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysynyň halkara işler boýunça maslahatçysy Ali Akbar Welaýati Eýran milleti özüne daýanyp we garaşsyzlygyny gorap günbatar ýurtlaryň bütin gadaganlyklarynyň garşysynda durjakdyr diýip nygtady.

şu gün Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysynyň halkara işler boýunça maslahatçysy Ali Akbar Welaýati habarçylaryň arasynda eden çykyşynda günbatar döwletleriň Eýrana garşy täze döwür gadaganlyklaryna yşarat edip Eýran milletiniň özüne daýanýan mahalynda kynçylyklary çözüp başarýanlygy tejribe bilen belli bolandyr diýip beýan etdi.

Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysynyň halkara işler boýunça maslahatçysy Ali Akbar Welaýati sözüniň dowamynda yslam ynkylabynyň başyndan bäri günbatarlylar Eýranyň goranyş enjamlaryna şikes ýetirjek bolup köp tagalla etdiler emma Eýranyň ekspertleri gadaganlyklar döwründe uly ýeňişleri we üstünlikleri gazanyp başardylar diýip nygtady.

Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysynyň halkara işler boýunça maslahatçysy Ali Akbar Welaýati şeýle-de öz başarjaňlyklaryňa daýanmak bilen ylmyň bütin ugurlardaky üstünlik gazanyp bolýar diýip sözüne goşdy.