Eýranly hajylaryň soňky kerweni Arabystandan gaýdyp geldi
Eýranyň haç we zyýarat guramasynyň başlygy hamid Muhammadi Eýranly hajylaryň soňky kerweniniň şu gün ertir bilen ýurda gaýdyp gelenligini habar berdi.
şu gün Eýranyň haç we zyýarat guramasynyň başlygy hamid Muhammadi habarçylaryň arasynda beren gürrüňlerinde ýaňky habary yglan etmek bilen üstümizdäki ýylda mezende 86 müň Eýranly 589 merweniň çarçuwasynda haç parzyny berjaý etmek üçin Arabystana gidendirler diýip hasabat berdi.
Eýranyň haç we zyýarat guramasynyň başlygy hamid Muhammadi sözüniň dowamynda üstümizdäki ýylda haç dabarasynda hiç hili kynçylyk ýüze çykandäldir diýmek bilen meýilleşdirlen programmalaryň dykgat bilen ýerine ýetirilmegi we haç kerwenleriň müdirlerine berilen öwredişler üstümizdäki ýylyň haç dabarasynyň üstünlikli geçirilmegine sebäp bolan möhüm şertlerdendir diiýp nygtady.