Sep 18, 2018 20:26 Asia/Ashgabat
  • Türkiýe bilen Orsýetiň Idlib baradaky ylalaşygyny Eýranyň garşylamagy

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili bahram gasemi Soçi şäherinde Orsýet bilen Türkiýäniň prezidentleriniň arasynda hasyl bolan ylalaşyga yşarat edip Siriýanyň Idlib welaýatynyň meselesini çözmek barada Orsýet bilen türkiýäniň başlyklarynyň ylalaşyga ýetmegi Siriýada galan terrorçylary ýok etmek ugurda esasy äsim hasaplanýandyr

şu gün Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili bahram gasemi Orsýet bilen Türkiýäniň arasyndaky ylalaşygyň Siriýa meselesiniň syýasy ýoldan çözülmegine we ynsanperwerlik çäreler esasynda bu ýurtda parahatçylyk berkarar edilmegine we terrorçylaryň ýogalmagyna kömek etjekdigini aýtdy.

zorlukly hereketleriň we ganköküşikleriň togtadylmagy we şol bir wagtda sebitiň terrorçylardan arassalanmagy Eýran yslam respublikasynyň daşary syýasatynyň esasy usullaryndandyr diýip Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili bahram gasemi yglan etdi.

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili bahram gasemi şeýle-de Soçi maslahatynyň Astana gepleşikleriniň we Tehran maslahatynyň çarçuwasynda Siriýa meselesiniň tizlik bilen çözülmegine ýardam edip bilmegini umyt etdi.

Tags