halkara atom energiýasy agentliginiň maslahatynda Amerika,Arabystan we Sionist režimi çetleşdiler
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i3831-halkara_atom_energiýasy_agentliginiň_maslahatynda_amerika_arabystan_we_sionist_režimi_çetleşdiler
halkara atom energiýasy agentliginiň umumy konferensiýasynda Amerika we onuň 3 hyzmatdaşynyň çetleşenligi hemmelere äşgär boldy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Sep 20, 2018 12:09 Asia/Ashgabat
  • halkara atom energiýasy agentliginiň maslahatynda Amerika,Arabystan we Sionist režimi çetleşdiler

halkara atom energiýasy agentliginiň umumy konferensiýasynda Amerika we onuň 3 hyzmatdaşynyň çetleşenligi hemmelere äşgär boldy.

Wenada geçirilen halkara atom energiýasy agentliginiň umumy konferensiýasynyň 62-nji maslahatynda bu agentlige agza ýurtlaryň aglabasy Eýranyň halkara atom energiýasy agentligi bilen edýän hyzmatdaşlyklaryny garşylamak bilen bir wagtda ýadro ylalaşygyň goralmagyny islediler we Amerikanyň ýadro ylalaşygyndan çykmagy babatly gynanjyny beýan etdiler.

bu maslahatda diňe Amerika,Saud Arabystany,Birleşen Emirlikleri we Sionist režimi ýadro ylalaşygyna garşydyklaryny yglan edip Eýrany sebitde durnuksyzlyk döretmekde aýypladylar.

bu toslamalaryň gaýtawulynda halkara atom energiýasyndaky Eýranyň wekili Kazem Garipabadi Amerikanyň halkara kanunlaryna garşy hereketlerine yşarat edip Amerikanyň resmileriniň aýdýan gürrüňleri bu ýurdyň ygrarsyzlygyny alamatlandyrýandyr diýip yglan etdi.