Şamhani sebitde howpsyzlygy berkarar etmek ugurdaky önjeýli gepleşikleriň dowam etdirilmegini nygtady
Eýranyň milli howpsyzlyk boýunça ýokary geňeşiniň sekretary Ali Şamhani önjeýli gepleşikleriň dowam etdirilmeginiň sebitde howpsyzlygyň,parahatçylygyň we asudalygyň berkarar edilmeginde möhüm ruly bardyr diýdi.
Tehranda sebitleýin howpsyzlyk gepleşigi adyndaky maslahatda gürrüň beren Eýranyň milli howpsyzlyk boýunça ýokary geňeşiniň sekretary Ali Şamhani terrorizmiň garşysynda käbir ýurtlaryň ileri sürýän iki ýüzli pozisiýasyny tankyt etmek bilen maliýe,syýasy we logestiki taýdan terrorizmi goldamak we ondan bir abzal höküminde haýyrlanmak,azan takfiri ideýalary wagyz etmek we terrorizme garşy göreşmek bahanasy bilen başga ýurtlaryň içeri işlerine gatyşmak terrorizm baradaky iki ýüzli standardyň açyk mysallaryndandyr diýip nygtady.
Şamhani şeýle-de terrorizmiň çynlakaý wehimlerine yşarat edip durmuşda müňlerçe terrorçy Siriýada we başga ýurtlarda galandyrlar we egerde olaryň öňüne geçilmese sebiti durnuksyzlyga uçratjakdyrlar diýip beýan etdi.
sebitleýin howpsyzlyk gepleşigi adyndaky bir günlük maslahat şu gün Tehranda Eýran,Orsýet,Hytaý,Hindistan we Owganystan ýurtlarynyň milli howpsyzlyk sekretarlarynyň we maslahatçylarynyň gatnaşmaklarynda geçirildi.