Aýatolla Mowahhedi Kermani: duşmanyň maksady halk arasynda umytsyzlyk döretmekdir
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i3858-aýatolla_mowahhedi_kermani_duşmanyň_maksady_halk_arasynda_umytsyzlyk_döretmekdir
Tehraniň wagtlaýyn juma ymamy Aýatolla Muhammet Ali Mowahhedi kermani duşman, Eýrana garşy ykdysady we ruhy uruşy ýola bermek bilen ilat arasynda umytsyzlyk we ýadawlyk döretjek bolýandyr diýip nygtady.
(last modified 2021-12-27T10:31:41+00:00 )
Sep 28, 2018 19:11 Asia/Ashgabat
  • Aýatolla Mowahhedi Kermani: duşmanyň maksady halk arasynda umytsyzlyk döretmekdir

Tehraniň wagtlaýyn juma ymamy Aýatolla Muhammet Ali Mowahhedi kermani duşman, Eýrana garşy ykdysady we ruhy uruşy ýola bermek bilen ilat arasynda umytsyzlyk we ýadawlyk döretjek bolýandyr diýip nygtady.

şu gün Tehraniň wagtlaýyn juma ymamy Aýatolla Muhammet Ali Mowahhedi kermani geçen 40 ýylyň boýunda Eýranyň yslam ynkylaby Amerika we halkara sionizmiň ýolbaşçylygyndaky eziji düzgüniň binýadyny lerzana salandyr diýmek bilen olaryň çydam toplumynyň garşysyndaky şowsuzlyklary dowam edip durandyr diýdi.

Tehraniň wagtlaýyn juma ymamy Aýatolla Muhammet Ali Mowahhedi kermani sözüniň dowamynda egerde Amerika we ysraýyl režimi ýalňyş bir herekete baş goşaýsalar olaryň sebitdäki bazalarynyň howpsuzlygy bolmaz we agyr ýagdaýa duçar boljakdyrlar diýip beýan etdi.

Tehraniň wagtlaýyn juma ymamy Aýatolla Muhammet Ali Mowahhedi kermani duşmany ýeňmegiň ýollaryna hem yşarat edip pursatlardan we içerki mümkinçiliklerden peýdalanmak çydamlylyk ruhyýesini pugtalandyrmak we agzybir bolmaklyk Amerikanyň gadaganlyklarynyň Eýran milletiniň yradasyna täsir galdyryp başarmazlygyna sebäp boljakdyr diýip nygtady.

Tehraniň wagtlaýyn juma ymamy Aýatolla Muhammet Ali Mowahhedi kermani şeýle-de Ahwaz şäherinde ýüze çykan terrorçylykly hüjümi ýazgaryp terrorçylaryň umytsyz, pasyk we çaga öldüriji arbaplary Eýran milletinden ar almakdan başga çarä garaýandäldirler diýip sözüne goşdy.