Aragçi:Eýrana haýbat atmak bilen netije alyp bolmaz
(last modified 2018-09-28T14:25:17+00:00 )
Sep 28, 2018 19:25 Asia/Ashgabat
  • Aragçi:Eýrana haýbat atmak bilen netije alyp bolmaz

Eýranyň daşary işler ministrniň syýasy işler boýunça orunbasary Seiýd abbas Aragçi Amerika döwletine garap Eýrana garşy haýbat atmak bilen netije alyp bolmaýanlygy we geljekde hem netije alyp bolmajakdygy belli bolandyr diýdi.

Seiýd abbas Aragçi TRT tele ýaýlymy bilen geçiren söhbetdeşliginde Eýrana garşy negatiw atmosferany döretmek üçin Amerikanyň prezidenti Donald Trampyň aýdan gürrüňlerini Birleşen Milletler Guramanyň Howpsyzlyk Geňeşine agza ýurtlary garşylan däldirler diýmek bilen Trampyň Eýrana garşy sözleri adaty gürrüňe öwürilendir we Eýran Yslam Respublikasy diňe hormat esasyndaky sözlere jogap berýär diýip yglan etdi.

Aragçi şeýle-de ýadro ylalaşygy halkara köpçüligine degişli ylalaşykdyr we Amerika bu ylalaşykdan çykmagy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsyzlyk Geňeşiniň karar hatyny hem bozandyr diýip sözüne goşdy.

Tags