Şamhani:ykdysady uruşda Eýran Amerikaly şerçileri ýeňjekdir
Eýranyň milli howpsyzlyk boýunça ýokary geňeşiniň sekretary Ali Şamhani Amerikaly şerçileriň we bu ýurdyň häkim toparynyň ykdysady uruşda Eýranyň garşysynda şowsyzlyga uçrajakdygyna şek-şubha ýokdyr diýdi
şu gün Eýranyň milli howpsyzlyk boýunça ýokary geňeşiniň sekretary Ali Şamhani Tehranda geçirilen bir ýygnakda beren gürrüňlerinde Amerikanyň prezidenti Donald Tramp syýasy maksatlar esasynda gadaganlyklardan we ruhy operasiýalardan peýdalanyp ykdysady uruşy ýola berendir diýip nygtady.
Ali Şamhani sözüniň dowamynda Donald Tramp ykdysady uruşda hassa adamlary,uçar ýolagçylaryny,energiýany ýene bir ybaratda umum ilaty nyşana alandyr diýip nygtady.
Şamhani şeýle-de Eýran Yslam Respublikasy wehimleri pursata öwürendir diýip sözüne goşdy.Şamhani sözüniň dowamynda Amerika döwleti Eýranyň boýun bolmagyny yzarlamakdan aýry boluşyny we häkimiýet düzgünini üýtgetmegiň yzyndadyr diýip nygtap geçdi.