Hoşru:Amerikanyň garşysynda dünýä ýurtlary öz abraýyny goramalydyrlar
Birleşen Milletler Guramasyndaky Eýranyň wekili Golamali Hoşru Amerikanyň garşysynda dünýä ýurtlary öz abraýlaryny goramalydyrlar diýdi.
Golamali Hoşru adam hukuk geňeşiniň ýörite hasabatçysy Idriss Jazairi bilen geçiren duşuşygynda halkara köpçüligi iň bäri baş öz abraýyny goramak üçin hem bolsa Amerikanyň bikanun hereketleriniň öňünde durmalydyr diýip nygtady.
Birleşen Milletler Guramasyndaky Eýranyň wekili Golamali Hoşru şeýle-de Amerikanyň hut özi Birleşen Milletler Guramasynyň howpsyzlyk geňeşiniň agzasydyr emma başga agzalardan bu geňeşiň karar hatlaryna amal etmezliklerini isleýändir diýip sözüne goşdy.
Idriss Jazairi hem bu duşuşykda Amerikanyň Eýrana garşy amala aşyran täze gadaganlyklaryny ýazgaryp bu hereketi adalatsyzlyk hasaplady.
Amerikanyň maksady Eýran milletiniň ýaşaýyşlaryna täsir galdyrmakdyr diýip Jazairi nygtap geçdi.