serleşker Safawi:Amerikanlar Eýranlylaryň ykballaryna musallat bolup başarmazlar
yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysynyň ýokary derejeli maslahatçysy we kömekçisi Eýranyň taryhynda gara geçmişi bolýan we güýç gudraty synyp barýan Amerikalylar Eýranlylaryň ykballaryna we ykdysadyýetlerine musallat bolup başarmazlar diýdi.
Irna habarlar gullugynyň beren habaryna görä,şu gün yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysynyň ýokary derejeli maslahatçysy we kömekçisi Seýit Ýahýa Safawi beren gürrüňlerinde yslam ynkylabynyň başynda terrorçy toparlaryň goldanmaklaryna yşarat edip Amerikanyň Tehrandaky içalylyk öýjüginden neşir bolan senetleriň Amerikanyň bu terrorçylary goldaýandygyny we Saddamy Eýrana garşy hüjüme baş goşmaga öjükdirendigini mälim etýändir diýip belläp geçdi.
Eýranda 1953-nji ýylda amala aşyrylan döwlet agdarylyşykdan 1979-nji ýylda öňki režimiň agdarylmagyna çenli Eýranyň bütin erk ygtyýary Amerikanyň erkindedi we ähli jenaýatlar olaryň makullamagy bilen amala aşýardy diýip serleşker Safawi aýtdy.
serleşker Safawi şeýle-de Amerikanyň geçen 40 ýylyň boýundaky duşmançylyklaryna yşarat edip Amerika şu möhletde Eýrana basyşlary beren bolsada emma isleýän netijelerine ýetip başaran däldir we durmuşda bu ýurt Aziýanyň günbatar sebitinden yza çekilmäge mejbur bolup durandyr diýmek bilen Amerikanyň gudraty synyp barýandyr diýdi.