Eýranyň daşary işler ministrniň Owganystanyň ýaraşyk boýunça ýokary geňeşiniň başlygy bilen duşuşygy
Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif durmuşda Owganystanyň gabat gelip duran iň möhüm howpyny terrorizm aýratynda DAEŞ bilmek bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Owganystanyň ýaraşyk akymyna goldaw bermäge taýýardygyny yglan etdi.
Mehr habarlar gullugynyň beren habaryna görä,şu gün Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif Owganystanyň ýaraşyk boýunça geňeşiniň başlygy Muhammet Kerim Halili bilen geçiren duşuşygynda Owganystanda parahatçylygyň we durnuklylygyň hemde milli birleşigiň pugtalandyrylmagynyň ähmiýetine yşarat edip milli gepleşiklerden başga çäre ýokdyr we bu mesele hem Owganystanlylara baglydyr diýdi.
Zarif sözüniň dowamynda Eýran Yslam Respublikasy Owganystanyň ýaraşyk boýunça ýokary geňeşiniň bu ýurtda parahatçylygy berkarar etmek ugurdaky hereketlerini goldaýar diýip nygtady.
Owganystanyň ýaraşyk boýunça geňeşiniň başlygy Muhammet Kerim Halili hem bu duşuşykda Owganystanyň ýaraşyk akymyna berýän goldawlary babatly Eýrana minnetdarlygyny bildirdi.