Ruhani:Amerikanyň Eýrana garşy gadaganlyklaryny ilatyň agzybirligi bilen şowsyzlyga uçradarys
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i4069-ruhani_amerikanyň_eýrana_garşy_gadaganlyklaryny_ilatyň_agzybirligi_bilen_şowsyzlyga_uçradarys
Eýranyň döwlet baş tutany Hasan Ruhani Eýran Yslam Respublikasy Amerikanyň gadaganlyklaryna üstem çykjakdyr diýdi.
(last modified 2021-12-27T10:31:41+00:00 )
Nov 05, 2018 22:24 Asia/Ashgabat
  • Ruhani:Amerikanyň Eýrana garşy gadaganlyklaryny ilatyň agzybirligi bilen şowsyzlyga uçradarys

Eýranyň döwlet baş tutany Hasan Ruhani Eýran Yslam Respublikasy Amerikanyň gadaganlyklaryna üstem çykjakdyr diýdi.

şu gün prezident Hasan Ruhani Eýranyň ykdysadyýet we maliýe ministrliginiň müdirleri we orunbasarlary bilen geçiren maslahatynda Eýran milletine zor aýtmak we haýbat atmak hemde Eýrana garşy gadaganlyklary amala aşyrmak bilen aýdanyňy etdirip bolmaýanlygyny Amerikalylara düşündirilmelidir diýmek bilen Amerikalylar hemişelik üçin jezalandyrlmalydyrlar diýip nygtady.

prezident Ruhani sözüniň dowamynda Amerikalylaryň tutan tutumy başga milletlere,döwletlere we kompaniýalara basyş bermekdir diýmek bilen Amerikanyň syýasatlary babatly diňe Eýran dälde eýsem Ýewropa döwletleri we kompaniýalary hem gahardadyrlar diýip beýan etdi.

Amerika taryhynda Ak-Tamyň bu hilli bikanunçylygy görünen däldir diýip prezident Ruhani sözüne goşdy.