Gasemi: Amerikalylar ägäsizlik boýunça uly derde gabat gelip durandyrlar
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i4102-gasemi_amerikalylar_ägäsizlik_boýunça_uly_derde_gabat_gelip_durandyrlar
Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili bahram gasemi Amerikalylar ýalan we hilegärlik bilen Eýrana garşy duşmançylykly we zalymlykly hereketlerini ilatyň bähbitleri ugurda jilwelendirjek bolýandyrlar diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Nov 07, 2018 17:58 Asia/Ashgabat
  • Gasemi: Amerikalylar ägäsizlik boýunça uly derde gabat gelip durandyrlar

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili bahram gasemi Amerikalylar ýalan we hilegärlik bilen Eýrana garşy duşmançylykly we zalymlykly hereketlerini ilatyň bähbitleri ugurda jilwelendirjek bolýandyrlar diýdi.

şu gün Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili bahram gasemi Amerikanyň daşary işler ministrliginde Eýran boýunça iş toparynyň başlygy Braýan Hukyň Eýrana garşy aýdan gürrüňleriniň jogabynda durmuşky ýagdaýda Amerikanyň häkimleriniň aglabasy ägäsizlik derdine duçar bolandyrlar diýmek bilen Braýan Huk gaty ökde ýalançydyr ýada özüni ägäsizlige urandyr diýip nygtady.

düýn Braýan Huk Eýrana garşy amala aşyrlan agyr gadaganlyklara garamazdan Eýrana iýmit, derman, lukmançylyk enjamlaryň we obahojalyk harytlaryň eksport edilmegi hiç haçan gadagan bolandäldir diýip toslady.